- jyda
- [jyda:]Aýra, aýralyk.∙ Siz bilýänsiňiz, biziň gana-gan gardaşlarymyz asyrlar boýunça biri-birinden jyda ýaşaýarlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ jyda düşmek (bolmak)1) Aýralyga uçramak, biri-biriňi görmekden mahrum bolmak.∙ Arman, jyda düşdüm ol polat guşdan, Aýryldym dostlardan, ol dört ýoldaşdan. (Çary Aşyr, Poýemalar)2) Mahrum bolmak, aýrylmak.∙ Onuň çep eli uzak bir gospitalda mundan on bir ýyl öň özünden jyda bolupdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.